DÜNÝÄ

Ankarada ýene bir gündogar alymyna heýkel dikildi

Türkiýede ýene bir gündogar alymynyň heýkeli dikeldildi. Has takygy, 3-nji mart güni Ankara şäherinde gadymy gündogar alymy, belli matematik Muhammet al-Horezminiň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.

Şu ýyl TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Özbegistanyň Hywa şäheri «Türk dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu ýadygärlik hem şu çäreleriň gurşawynda açyldy.

Özbek metbugatynyň ýazmagyna görä, ýadygärligiň açylyş dabarasyna Özbegistanyň Horezm welaýatynyň häkimi Farhod Ermonow hem gatnaşdy.

Heýkel Ankaranyň keçiören etrabyndaky meşhur seýilgähleriň birinde dikildi. Bu şäherde türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň hem heýkeliniň bardygyny ýatladýarys.

Muhammet al-Horezminiň hatyrasyna dikeldilen ýadygärligiň açylyş dabarasyndan soňra özbek milli lybaslarynyň görkezilişi boldy. Şondan soň dabaralara gatnaşyjylar «Men ― Jelaletdin» atly filme tomaşa etdiler.

 

Kosmos syýahatçylygy üçin ýoldaş gözleýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler