“Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjy Jeff Bezosa hem-de “SpaceX” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maska ylham beren we raketa tehnologiýasynyň işlenip düzülmegine önjeýli goşant goşan nemes fizikçi Wernher won Braunyň arzuwy hasyl bolýar. Braun 1950-njy ýyllarda kosmos giňişliginde emeli dartyş güýji arkaly bir mehanizm döretmek barada pikiri orta atypdy. Şol pikir esasynda ABŞ-nyň kompaniýasy Ýeriň orbitasynda 400 adamlyk myhmanhana gurmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylda bu myhmanhananyň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar.
ABŞ-nyň “Gateway” gaznasynyň garamagyndaky “Orbital Assembly Corporation” tarapyndan işlenip düzülen “Voyager” bekedi myhmanhana hyzmatyny amala aşyrar. Ýeriň pes orbitasynda hereket etjek bu myhmanhananyň gurluşygyna 2025-nji ýylda başlanyp, 2027-nji ýylda durmuşa ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Uly tegelek şekilli kosmos stansiýasynyň Aýyň ýüzüne meňzeş agyrlyk güýjüni döretmek üçin üznüksiz aýlanjakdygy mälim edildi.
“Voyager Station” myhmanhanasynda kinoteatr, synlaýyş nokady we dürli restoranlar bolar. “Kosmos myhmanhanasy” Ýeriň daşyndaky syýahatyny her 90 minutda tamamlar.
“Gateway” gaznasynyň düýbüni tutujy Jon Blinkow “Munuň bilen täze senagat öwrülişigi we täze kosmos senagaty dörär” – diýip belledi.