DÜNÝÄ

Bütindünýä Söwda Guramasynyň ilkinji zenan ýolbaşçysy

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Ženewadaky Baş geňeşligi Nigeriýanyň wekili Ngozi Okonjo-Iwealyň  guramanyň başlygy wezipesine bellenmegini tassyklady. Nigeriýanyň ozalky maliýe ministri 1-nji martda işe başlar.

Täze ýolbaşçy ilki bilen koronawirus pandemiýasyndan soň dünýäniň söwda gatnaşyklaryny täzeden dikeltmek meselesine has köp üns bermegi göz öňünde tutýar. Ol guramanyň köp meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we utgaşdyrylan bilelikdäki işiň netijesinde BSG-ni has güýçli, has işjeň we häzirki hakykatlara uýgunlaşdyryp boljakdygyny belledi.

– Ädiljek ädimler näbellidi, uzyn we kyn iş döwri öňde dur. Ýöne täze gün geldi we täzeden işe başlamaly. BSG-ä agza döwletler taryhy ýazýarlar. Olar ilkinji gezek guramanyň taryhynda zenan maşgalany, Afrikanyň wekilini baş direktor wezipesine bellediler. Bu gaty uly öňegidişlikdir – diýip, Ngozi Okonjo-Iweal belläp geçdi.

BSG-niň täze ýolbaşçysyny Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hem gutlady. Ol öz gutlag hatynda Ýewropa Bileleşiginiň BSG-niň özgertmeler maksatnamalaryny goldaýandygyny belläp, düzgünlere esaslanýan köptaraplaýyn söwda ulgamyny goramaga kömek etjekdiklerini mälim etdi.

Geçen ýylyň 31-nji awgustynda BSG-niň öňki başlygy Robert Azewedo ygtyýarlyk möhleti gutarmanka işinden aýrylandan soň baş direktor wezipesi boş galypdy.

 

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy