JEMGYÝET

Saçyň düşmeginiň öňi alnar

Ýaponiýada alymlar adamynyň saç köküniň täzelenmegi boýunça ylmy-barlag işlerini geçirdiler we üstünde işlenilen usullarynyň üstünlikli bolandygyny aýtdylar.

“Independent” neşiriniň habaryna görä, “RIKEN” bioulgam dinamika ylmy-barlag merkeziniň alymlary saçlary gaýtadan dikeltmek üçin kök öýjüklerini ulanypdylar. Barlagyň barşynda syçanlardan alnan öýjükler we laboratoriýa gurşawyndaky beýleki biologiki komponentler bilen birleşdirilipdir diýip, “Nature” žurnalynda çap edilýär.

Alymlar 220 sany dürli kombinasiýany synagdan geçirip, olar “NFFSE” diýip atlandyrýan 5 faktor bilen birleşdirmegiň iň gowy netije berýändiklerini anyklapdyrlar. Ýapon alymlar “NFFSE”  gurşawy arkaly döredilen formulanyň gysga wagtyň içinde öýjükleriň köpelmeginiň iň ýokary tizligini berýändigini bellediler. Bu bejergi adamlar üçin elýeterli bolmazdan ozal, ilki başda kliniki synaglardan geçmeli diýip alymlar nygtap geçdiler.

 

Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserden” Makul Sözlük goşundysynyň linki 

 

 

Related posts

Türkmenistanda 100-den gowrak ulag-logistika kompaniýasy döredildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasy bilen gepleşikleri geçirdi

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygyna başlanýar