SPORT

Elektron sporty boýunça bagtyňyzy synap görüň!

Türkmenistanyň milli elektron sport federasiýasy, Federasiýanyň kubogyny almak boýunça “Dota2 we Counter Strike: Global Offence” oýunlar ýaryşyna gatnaşmak üçin ýazylyşygyň başlandygyny habar berýär.

14 ýaşdan ýokary bolan her bir Türkmenistanyň raýaty, 3.500 manat pul baýragyna almak üçin bu ýaryşa gatnaşyp bilerler. Sportuň bu ugruna gyzyklanma bildirýänler mart aýynda geçiriljek toparlaýyn ýaryşy gatnaşarlar.

Bu ýaryşyň çäginde elektron sportynyň federasiýasy, ýaryşda tapawutlanan oýunçylary, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparyna çagyrmak maksadyny göz öňüne tutarlar. Mundan başga-da federasiýa geçiriljek ýaryşda meýletinçi teswirleýjileri we syn berijilerine hem garaşýar.

Dota2” kompýuter oýun ýaryşyna gatnaşmak üçin ýazylyşygyň senesi: 09.02.2021 – 25.02.2021

Counter Strike: Global Offence” kompýuter oýun ýaryşyna gatnaşmak üçin ýazylyşygyň senesi: 01.03.2021 – 15.03.2021

Ýaryş 2021-nji ýylyň mart aýynda geçiriler.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi