SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan “EpiWakKorona” sanjymyny bellige alan ilkinji ýurt

Russiýanyň “Wektor” atly wirologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkezi tarapyndan işlenip düzülen ikinji rus sanjymy bolan “EpiWakKorona” sanjymynyň Türkmenistanda bellige almak işi amala aşyryldy. Bu barada “orient.tm” internet neşiri habar berýär.

Degişli şahadatnama Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky Dermanlary hasaba almak we döwlet gözegçiligi merkezi tarapyndan berildi.

Sanjym üçin bellige alyş şahadatnamasy berleninden soň, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin bu derman serişdesini satyn almaga we ulanmaga rugsat berilýär.

“EpiWakKorona” sanjymy Russiýada 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hasaba alyndy we hasaba alyşdan soňky kliniki synaglardan geçdi. Türkmenistan bu sanjymyň resmi taýdan bellige alan ilkinji ýurt boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige alypdy hem-de degişli şahadatnamany beripdi. Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt bolupdy.

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň aýtmagyna görä, “EpiWakKorona” sanjymynyň uly göwrümli önümçiligi fewral aýynda başlar.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar