DÜNÝÄ

Baýden özgertmeler bilen başlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze Prezidenti Jo Baýden wezipä girişen dessine käbir özgertmeleri geçirdiler. Dünýä metbugatynda bu özgertmeleriň dördüsine has uly üns çekilýär.

Baýdeniň ilkinji gol çeken Permanlarynyň biri ABŞ-nyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna gaýtadan goşulmagy barada boldy. Şeýle hem täze Prezidentiň başga bir Karary bilen ABŞ yklym özgerişligi barada Pariž Ylalaşygyna gaýtadan goşuldy.

Baýden Meksika bilen serhetde gurulýän diwaryň gurluşygyny togtatmak baradaky Karara hem gol çekdi. Mundan beýläk ABŞ bilen Meksikanyň aralygyndaky serhetde asudalyk, adaty ýagdaý höküm sürer. Şeýle hem ol ABŞ-a girmegi gadagan edilen käbir döwletleriň raýatlary baradaky gadaganlygy aradan aýyrdy.

Baýden ozal ýatyrylan halkara ylalaşyklaryň ýene-de birnäçesine gaýtadan goşluşmagyň tarapdary.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy