SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Daşary ýurtly türgenlere mugt sanjym ediler

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherjigine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

OLIMPIÝA STADIONYNDA GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNYŇ ÇÄRELERI GURALAR

Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp stadionyň mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de, örän uludygyna ünsi çekdi. Iň naýbaşy baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmekde stadionda döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol birwagtyň özünde olara häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we Olimpiýa hereketiniň, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň neneňsi ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

DÜRLI SANJYMLAR BELLIGE ALNAR

2021-nji ýylda hem ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, “Sputnik V” sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.

Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.

Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy