JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (11-17-nji ýanwar)

2021-nji ýylyň 11-17-nji ýanwary aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepde hamallar üçin şowly günlere baý bolar. Hepdäniň başynda ähli güýjüňizi toplap, işiňize yhlasly çemeleşmeli. Has öňräk başlan işiňiz ýakyn günlerde özüniň oňyn netijesini berer. Şonuň bilen bir hatarda, hepdäniň başynda maddy-üpjünçilik babatda işleriňize ünsli boluň. Edýän işleriňiziň sebäbine düşünmäge çalşyň.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepdede sowurlaryň işi ugruna bolar. Kynçylyk döretjek ýeke-täk ýagdaý, ol hem iş bilen maşgalanyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmek. Öýüňizdäki ýagdaý dura-bara durnuklaşar. Bu hepde tanyşlygyň, duşuşyklaryň boljakdygyny ýyldyzlar duýdurýarlar. Garaşylmadyk ýagdaýda gelnen pikirler size girdeji getirer. Ähli işlere ünsli boluň.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepdede jöwzalar daş-töweregindäkiler bilen yzygiderli gatnaşyk saklarlar. Şahsy işleri bitirmek üçin hepde oňaýly bolar. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy jöwzalaryň özlerine bagly. Eger, olar özleriniň duýgularyna erk etmegi başarsalar, onda işleri ugruna bolar. Jöwzalara maddy-üpjünçilik babatda goşmaça iş hödürlenmegi ahmal.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepdede seretan ýyldyzynyň astynda doglanlar üçin bolup geçýän wakalary seljermäge pursat dörär. Wagtdan netijeli peýdalanmaga çalşyň, ýakynlaryňyzyň durmuşy hakda oýlanmaga-da mümkinçilik tapyň. Bu hepde öz-özüňizi kämilleşdirmek, syýahat etmek, bilimiňi artdyrmak üçin hem amatly döwürdir. Oýlanyşykly hereket ediň.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdede esetlerde daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesi dörär. Ikirjiňlenmän okamaga, öwrenmäge başlasalar, bu esetlere täze mümkinçilikleri açar. Öz häsiýetiňizi kämilleşdiriň, işde-de, öýde-de özüňizi gowy tarapdan görkeziň. Siziň içki güýjüňiz töwerekdäki ähli zatlara täsirini ýetirer. Ýöne özüňize ynamly garasaňyz bu hepde üstünlikli tamamlanar.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Ýyldyzlaryň duýdurmagyna görä, sünbüleleriň dost-ýarlary, tanyşlary özlerine aýratyn üns berilmegini talap eder. Olara maslahat bermek siziň köp wagtyňyzy alar. Iş, wezipe babatda bu hepdede sünbüleler «Eken ekininiň hasylyny ýygnar». Häzirki wagtda sünbüleler çeken zähmetiniň biderek bolmandygyna göz ýetirerler. Netijä geleniňizde aýgytly boluň.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepde mizanlar üçin şowly hepdeleriň biri bolar. Öz zehiniňizi, duýgularyňyzy görkezmekden çekinmäň. Bu döwür töwekgelçilik edip, özüňizi täze işde synamagyň wagtydyr. Mizanlar maliýe meselesi bilen bagly esasy işlerini hepdäniň başyna geçirseler şowly bolar. Bu döwür maýa goýumlaryny goýmak, gymmatbahaly harytlary satyn almak ýaly işler üçin amatlydyr.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Hyjuwly akraplar üçin bu hepde ähli ugurlarda dartgynly ýagdaýda geçer. Bu döwürde siziň öz işiňize ähli durkuňyz bilen berilmegiňiz gerek. Häzirki wagtda siz ýolbaşçylaryňyza-da göwnüňizdäki arzuw-islegleriňizi aýdyp bilersiňiz. Sizi diňlärler. Şeýlelikde, maşgalaňyzda üstünlik gazanarsyňyz. Ähli işlerde ünsli boluň.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepde kowuslar wezipede, iş orunlarynda ýokary galarlar, şeýle hem bu aýda girdejiniň özi sizi gözläp tapar. Ykbal öwrülişikli wakalar bolar. Şu wagt, ýagny ýyldyzlaryň kowuslary goldaýan wagty töwekgelçilik edip, ozaldan arzuw edýän işiňizi, taslamalaryňyzy ýola goýmaga çalşyň. Bu hepde kowuslaryň maddy-üpjünçilik ýagdaýy örän gowy bolar.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Jediler bu döwürde öz islemedik zatlaryny aradan aýryp bilerler. Haýsydyr bir netijä gelmezden ozal, sagdyn pikirden ugur alyň. Biraz tagalla etseňiz, ýokary derejelere ýetersiňiz. Bu girdejili şertnamanyň, täze wezipäniň, toý tutmak üçin edilen teklibiň esasynda amala aşyp biler ýa-da hemmesiniň birlikde bolmagy hem mümkin. Hepde jediler üçin anyk işleriň amal boljak döwrüdir.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar işiniň daşyndan goşmaça okuw hakda oýlanmaly bolarlar. Daluw ýyldyzynyň astynda doglanlar ähli ýaşda-da öwrenmäge ukyplydyrlar. Geljek hepde olar daşky görnüşlerini, işlerini synag üçin üýtgedip bilerler. Daluwlaryň ylym öwrenmek, bilim almak üçin toplan serişdeleri gowy netije berer. Daşary ýurt dillerini bilmek, daluwlaryň geljekki işlerinde peýda getirer.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepdäniň hutlar üçin adaty günleriň biri ýaly bolup duýulmagy mümkin, ýöne bu beýle däl. Hutlar belli bir karara gelip, öz ýoluny saýlamaly bolarlar. Bu ýerde olaryň ugurtapyjylygy ýardam eder. Ýyldyzlaryň duýdurmagyna görä, olar ony öz peýdalaryna çözüp bilerler. Hutlaryň kalbyny tekepbirlik we hyjuw gaplap alandyr, emma muňa garamazdan, olar duýgularyny daşyna çykarmaly däldirler. Maddy-üpjünçilik babatda ýyldyzlar hutlara tygşytly bolmagy duýdurýarlar.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler