TEHNOLOGIÝA

“Zoom” programmasyna täze funksiýalar goşular

Dünýäde koronawirus keseliniñ döremegi sebäpli, ençeme adamlar öz işlerini öýlerinden dowam etdirip başladylar. Şunuñ bilen onlaýn arkaly gurnalýan duşuşyklar bu ugurda ulanylýan kompýuter programmalary gysga wagtyñ içinde meşhurlyga eýe boldular. Bu programmalaryñ arasynda adamlara iñ täsirlisi “Zoom” programmasy bolup durýar.

9 ýyl mundan ozal esaslandyrylan bu programma, 2019-njy ýylyñ dekabr aýyna çenli 10 million ulanyja hyzmat etdi. Gysga wagtyñ içinde “Zoom” programmasy 300 million ulanyja hyzmat edip başlady. Häzirki wagtda bolsa programma özüne täze funksiýa goşmak isleýär.

“Zoom” programmasy elektron poçta hyzmatlary we wideo jaňlaryna goşmaça senenama diýen ýaly funksiýa girizmek isleýär we bu funksiýalary ulanyjylara 2021-nji ýylda hödürlär diýip, “Engadget” habar gullugy habar berýär. Bu funksiýalar “Zoom” programmasyna “Google” hem-de “Microsoft” bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer.

Bu barada entäk “Zoom” programmasy resmi maglumat bilen çykyş etmedi, emma bu funksiýalaryñ üstünde işleýändikleri barada bellenilip geçildi.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze konsepsiýasy kabul edildi

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary