JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (14-20 dekabr)

2020-nji ýylyň 14-20-nji dekabry aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepdede işiňizde hiç hili näsazlyklar bolmaz. Ýolbaşçylaryňyzyň haýsydyr bir taslamany gaýtadan ýerine ýetirmegi tabşyrmagy mümkin. Ýerine ýetiren işiňizi ýürekden ediň. Çünki, ol size abraý getirer. Maşgala agzalaryňyz we ýanýoldaşyňyz bilen gürleşeniňizde her bir sözüňize ünsli boluň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepdede sowurlaryň durmuşynda käbir kynçylyklaryň bolmagy ahmal. Bolup geçýän zatlar siziň özüňiz bilen bagly bolmasa, iň gowusy bir çetde duruň. Öňki depginde işläp, kärdeşleriňiziň gürrüňlerine üns bermäň. Wagtyndan öň Täze ýyl sowgadyny almagyňyz ýa-da öňden gowy görýän kişiňiziň size üns bermegi mümkin. Häzirlikçe işiňize-de, şahsy durmuşyňyza-da üýtgeşme girizjek bolmaň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepdede özüňizi birahadrak duýmagyňyz mümkin. Muňa ukusyzlyk ýa-da tutuş iş ýylynyň ýadawlygy sebäp bolup biler. Işjeňligiňizi biraz peseldip zähmet çekiň. Dynç günleri myhmanlara garaşyň. Ol köp çykdajylary talap etmez. Sowukda kelläňiz başgapsyz gezelenje çykmaň, gödek hereketleri etmekden gaça duruň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepdede arzyly arzuwyňyza ýetmäge biraz ýakynlaşmaga mümkinçilik alarsyňyz. Ýakyn günlerde maşgala işleri bilen meşgullansaňyz peýdaly bolar. Öýüňizi tertibe salyň, Täze ýyl arçasyny dikiň, dostlaryňyza, kärdeşleriňize näme sowgatlary berjekdigiňiziň aladasyny ediň. Hepdäniň ahyrynda hysyrdylardan çetleşip, mazaly dynç alyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepdede kimdir biriniň degerli maslahaty gerek bolar. Uly üýtgeşmeleriň bolmak mümkinçiligi ýokary. Ol ýa-da beýleki jogapkärçilikli ädimiň nirä eltjekdigine düşünmek wajyp. Ony-muny satyn alyp, jaýyň içki bezegini üýtgedip, az salymlyk gezelenç edip we Täze ýyl meýilnamalaryny düzmäge güýmenip bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepdede haýsydyr bir işi berjaý etmeli bolanyňyzda howlukmaç bolmaly däl. Bu maşgaladaky ýagdaý bilen hem baglanyşykly. Goý, bu kime bagly bolsa-da, şol hem nähili hereket etmelidigini çözsün. Hepdäniň şanly günlerini Täze ýyl bezeglerini saýlamaga, ýakynlaryňyza sowgat almaga, işdeşleriňiz bilen dabaralary we çagalar üçin baýramçylyklary guramaga bagyşlasaňyz gowy bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu hepdede kimdir birini tankytlamak maslahat berilmeýär. Hatda, iň bir sypaýy sözleriňiziň hem öýkelemek üçin sebäp bolmagy mümkin. Az gürläp, köp işlemeli — öňdäki ýedi günüň şygary, ine, şu bolmaly. Özüni alyp barşyndan närazylara ýetmezçilikleriniň üstünde işlemeklik üçin heniz giç däl. Sport maşklary bilen öte meşgullanyp, özüňizi ýadatmaň, goňşularyňyz bilen tersleşmäň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepdede akraplar ruhubelent bolarlar. Geljekki baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ozal ünsden düşüren zatlaryňyz bilen meşgullanyň. Kimdir birine göçgünli maslahat bermekden, işewür gepleşiklerde öz şahsy maýyl edijiligiňize bil baglamakdan, onsoňam, gopbamlykdan gaça duruň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Bu hepdäni öndürijilikli geçirmek üçin kowuslarda ähli mümkinçilikler bar. Köpiňiz iş-aladalaryňyzy tertibe salarsyňyz, öýdäki bulam-bujarlyklaryň soňuna çykarsyňyz, Täze ýyl baýramçylygynyň meýilnamasyny doly düzersiňiz. Ýalňyz kowuslaryň çynlakaý söýgi ysnyşyklaryna kybap gelýän adama duş gelip biljekdigini hem aradan aýyrmak bolmaz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu hepdede haýsydyr bir syryň üstüni açmagyňyz ahmal. Gürrüňiň maşgalanyň uly agzalarynyň ýa-da beýleki ýakyn garyndaşlaryňyzyň uzak wagtlap gizlin saklan zady hakda gidýän bolmagy ahmal. Adamlar bilen iş salyşýanlar özlerini mylakatlyrak alyp barmaly. Dynç günlerini şadyýanlykda geçiriň.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepdede duýgular ulgamynda ýakymsyzlyklar bolmaz. Dostlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz has oňatlaşar. Geljek hepde işiňiz ugruna bolar. Ünsüňizi Täze ýyl baýramçylygynyň meýilnamasyny düzmäge we käbir ownuk-uşak zatlary satyn almaga gönükdirseňiz gowy bolar. Tebigatda köpräk dynç alyň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepdede hutlar ýagşylyk diýlen zadyň manysyna has gowy düşünip başlarlar. Adamlara bolan gatnaşygyňyzy düýbünden üýtgedip biljek ýakymly hadysa bolup geçer. Mümkin boldugyndan tizräk köşeşjek boluň. Muňa Täze ýyla taýýarlyk, üst-başyňyza üns bermek, egin-eşik satyn almak ýa-da dostlaryňyz bilen şowhunly dabaralary guramak ýardam eder.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

makyl hyzmat terjime

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Döredijilikli Balyklar kimler

 

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

 

 

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler