BIZNES

Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna täze şaýy we kagyz pullary

Ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.

Gymmaty 100 manat bolan täze şaýy pullary taýýarlamagyň ýylýazgysynda özboluşly orun eýeleýän häzirki zaman numizmatika gymmatlyklarynyň üstüni ýetirdi.

Ýadygärlik şaýy pullar Merkezi bank tarapyndan ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň, döwlet baýramçylyklarynyň we şanly seneleriň hormatyna çykarylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Munuň özi täze şaýy pullaryň bezeg aýratynlyklarynda we degişli mowzugynda öz beýanyny tapýar.

Häzirki zaman wakalaryny alamatlandyrýan bezeg aýratynlyklary bilen täze teňňeler diňe bir çeperçilik gymmatlyga, özboluşly bezege eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň milli gymmatlyk hökmündäki ähmiýeti ýokarydyr.

Täze şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde dogup gelýän Günüň şöhleleriniň arasynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň baş nyşany şekillendirildi. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY” diýen ýazgy, aşaky böleginde “1995 — 2020” sanlar ýerleşdirildi.

Şeýle hem onuň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY”, aşaky böleginde bolsa “ÝÜZ MANAT” diýen ýazgy bar. Mundan başga-da, bu ýerde gymmat bahaly metalyň mähegi we agramy görkezilipdir.

Au 916,7 altyn şaýy pulunyň agramy 39,94 grama, Ag 925 kümüş şaýy pulunyň agramy bolsa 28,8 grama deňdir hem-de diametri 38,61 millimetrdir. Täze şaýy pullaryň özboluşly öwüşgini bolup, ýerleşdirilen şekilleriň iň kiçi çyzgylaryna çenli anyk görünmegi olaryň tapawutly aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şaýy pullara beren güwänamasy olaryň halkara ölçeglere kybap gelýän “pruf” hilini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda täze şaýy pullary Singapuryň dünýä belli döwlet ordenlerini, sylaglary we medallary döretmekde ýöriteleşdirilen “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

Çeşme:http://www.cbt.tm

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi