SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy burun spreýi döredildi

Türkiýäniň abraýly «Bilkent», «Ankara» we «Hacettepe» uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda koronawirusyň öňüni almak üçin burun spreýi işlenip düzüldi. Haýwanlaryň arasynda geçirilen barlaglarda üstünlik gazanan burun spreýi indi meýletinlerçilerde ulanylar. «Bilkent» uniwersitetiniň milli nanotehnologiýa gözleg merkeziniň fakultet agzasy Dr. Urartu Şeker spreýiň epidemiýany haýallaşdyrjakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Dürli biologiki serişdelerden alnan DNK molekulalaryny genetiki inžener tehnologiýasy bilen kesmegi we alnan dürli DNK böleklerini birleşdirmegi öz içine alýan rekombinant usuly bilen bir belok alyndy. Burun boşlugyna gysylan bu belok molekulasy wirusyň öýjüge girmeginiň öňüni alar.

Dr. Urartu Şeker häzirki wagtda kliniki gözlegleri tamamlandyklaryny mälim edip, soňky 3 ýylda dümew, krym kongo gemorragiki gyzzyrmasy üçin rekombinant belogy bilen işleýändiklerini we pandemiýanyň başlanmagy bilen koronawirusa garşy göreşde işjeň dermanlara öwrülmegi üçin gözleglere başlandyklaryny aýtdy. Dr. Urartu Şeker wirusyň öýjüge girip we köpelip bilmänsoň, beden tarapyndan belli bir wagtdan soň ýok edilendigini we öndüren belogynyň öýjüge girmeginiň öňüni alýan gorag funksiýasynyň bardygyny habar berdi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy