Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek çäräsi neşe serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşmegiň halkara güni hökmünde ykrar edilen 26-njy iýunda geçirilýär.
Şu ýyl bolsa, neşe we beýleki zyýanly serişdeleri ýakmak çäräsi bu ugra niýetlenen täze toplumyň açylyşy mynasybetli geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygy üçin zyýanly täsiri bolan ýowuz bela garşy göreşiň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan alnan bikanun neşe hem-de beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek üçin niýetlenen täze toplumyň açylyp ulanmagyna gatnaşdy.
Bu toplumyň açylyş dabarasyndan soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçiren hormatly Prezidentimiz bu ýerde türkmençilige gelişmeýän 122 kilogramdan gowrak neşe serişdeleriniň ýakylyp ýok edilendigini belledi. Milli Liderimiz neşe belasynyň hakykatdan hem ynsan saglygyna zyýan ýetirýändigini belläp, bu ýowuz bela garşy berk göreş alnyp baryljakdygyny belledi.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!