TEHNOLOGIÝA

Aýda awtoulag ýaryşy geçiriler

Aýda ilkinji awtoulag ýaryşy 2021-nji ýylda geçiriler. Amerikaly mekdep okuwçylary we meşhur awtoulag dizaýneri, “BMW”, “Mini”, “Ferrari”, “Maserati”, “Fiat”, “Lancia”, “Alfa Romeo” we “McLaren”  ýaly brendler bilen işleşen  Frank Stiwenson bu ýaryş üçin awtoulag işläp düzerler.

Geljek ýylyň güýzünde, ýagny oktýabr aýynda Aýda ilkinji awtoulag ýaryşy geçirilip bilner. Bu hyýal däl. Şeýle meýilnamalara amerikaly işewür Ilon Mask hem gyzyklanma bildirýär.

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän “SpaceX” kompaniýasy Aýda ýaryşjak iki awtoulagy Aýa çykarar. Aýda ýaryşjak awtoulaglar üçin ýaryş meýdançasy we tehniki parametrler eýýäm kesgitlenildi: ulagyň agramy iki ýarym kilogramdan geçmeli däl; tizligi bolsa sagatda on santimetre deň bolar.

Asman jisimleri görnüşindäki ulaglar uzakdan dolandyrylar. Olaryň ýaryşyny ýörite kameralar arkaly ýaýlyma bermek göz öňünde tutulýar.

Ýaryşa iki ulag gatnaşar. Ol hem ABŞ-nyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek “Moon Marks Mission 1” bäsleşiginde ýeňiji bolan 2 topar tarapyndan taýýarlanar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi