Köp adamlar hytaý markalarynyň atlaryny gülkünç hasaplaýarlar. Bu barada “Xiaomi” kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Leý Szýun, öz söwda markasyna at dakmak bilen baglanyşykly tejribesi hakda aýdyp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa esaslandyrylanda oňa “Gyzyl ýyldyz” (Red Star), “Gyzyl burç” (Red Pepper) we “Gara tüwi” (Black Rice) ýaly atlar goýmak hakynda gepleşipdirler. Emma dürli sebäplere görä hiç biri makullanmandyr. Ýöne bu pikirler kompaniýa häzirki berlen ada itergi beripdir.
“Maslahat wagtynda birden iň gowy görýän sözlemlerimi ýada saldym. Budda – bir däne tüwüsini mukaddes Meru dagy ýaly möhüm hasaplaýar” diýip, kompaniýanyň baş ýolbaşçysy belläp geçýär. Soňra ýolbaşça kompaniýanyň adynda tüwüniň iýeroglifini (Mi) ulanmagy teklip etdiler. Maýa goýujy Liu Sin “ownuk” sözüni “tüwi” sözüne goşmagy teklip etdi we kompaniýanyň ownuk, ýöne möhüm işleri edýändigini we olaryň hersine üns berýändigini hakda pikir berdi. “Xiaomi” ady işgärleriň arasynda çalt makullandy.
“Xiaomi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun, kompaniýanyň adynyň täsiri hakda öz pikirlerini şeýle beýan etdi: “Esasy tehnologiýa bolmasa, gowy önüm öndürip we ulanyjy tejribesine üns berilmese, islendik at kompaniýanyň ösüşine itergi berip bilmez. Munuň tersine kompaniýanyň ady ýönekeý bolup, tutuş topar önümde köp işlese, marka üstünlik gazanar” diýip, belleýär.
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!