TEHNOLOGIÝA

“Samsung”-dan täze funksiýa garaşylýar

Häzirki wagtda akylly telefonlaryň ulanyjylary, özleriniň telefonlarynda barmak yzy skaneri ýa-da paroly bolmazdan ýüzüni çalt açyp bolýan funksiýa öwrenişdi. Indi bolsa dünýä belli “Samsung” kompaniýasy bu funksiýany, täze biometrik tanamak usuly bilen döwrebaplaşdyrjak bolýa. Has takygy kompaniýanyň täze öndürjek “Galaxy S21” akylly telefonynda, telefonyň gulpyny sesiň bilen açyp bolar. Bu barada kompaniýanyň “Sammobile” muşdaklarynyň jemgyýeti habar berýär. Häzirki zaman akylly telefonlary adamlaryň sesini tapawutlandyrmagy başarýar. 2013-nji ýylda ses tanamak üçin aýratyn çipli “Moto X” telefony peýda bolupdy. “Samsung” kompaniýasy bolsa bu tehnologiýany, gysga sözlem bilen telefony çalt açmak üçin ulanmak isleýär. Meselem ulanyjy awtoulagda oturan mahaly bu ses bilen açmak usuly örän peýdaly bolup biler. Kompaniýa ses bilen telefony dolandyrmak üçin has köp mümkinçiligi durmuşa geçirmek isleýär. Bu usul nähili derejede howpsuz bolup biljekdigi barada akylly telefonyň tanyşdyrylyş dabarasynda nygtalyp geçiler. “Samsung Galaxy S21” akylly telefony indiki ýylyň ýanwar aýynda peýda bolup biler.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy