Russiýanyň “Gazprom Eksport” kompaniýasy Türkiýe Respublikasyna 700 müň kubmetr tebigy gaz satmak barada elektron platformada şertnama baglaşdy. Bu ugurda geçirilen bäsleşigiň netijesinde, Russiýa ilkinji gezek Türkiýe Respublikasyna spot bahadan tebigy gaz satar.
Soňky ýyllarda tebigy gaz bazarynda uzakmöhletleýin we nebitiň bahasyna laýyklykda gaz şertnamalarynyň ornuny gysga möhletli we ylalaşykly şertlerde spot şertnamalar alyp başlady. Tebigy gaz bazarynda biržanyň bahalaryna görä, spot söwdanyň gerimi giňäp, şoňa laýyklykda, ählumumy tebigy gazyň bahasy pese gaçýar. Bahalaryň pese gaçmagynda suwuklandyrylan gazyň hem ähmiýeti uludyr. Türkiýe bu döwürde arzan bahaly suwuklandyrylan gaz importuna uly ähmiýet berip başlady.
Türkiýäniň suwuklandyrylan gazy import etmegi hem-de bu ugurda diwersifikasiýa has köp ähmiýet bermegi Russiýadan satyn alynýan tebigy gazyň möçberiniň azalmagyna getirdi. Şu ýylyň birinji ýarymynda tebigy gazyň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,5 göterim peselip, 4 milliard 678 million 66 müň kubmetre çenli azaldy. Geçen ýylyň degişli döwründe Russiýadan 7 milliard 993 million 86 müň kubmetr gaz import edilipdi. Хотите провести приятно время? Заходите https://dosugkhabarovsk.ru/ по ссылке
Türkiýe Respublikasy sarp ediş derejesi 45 milliard kubmetre deň bolup, Ýewropanyň iň uly 5-nji bazarydyr.
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.