Türkmenistanyň Hökümeti sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli söwda we jemgyýetçilik iýmit kärhanalarynyň işiniň çäklendirme möhletini uzaltdy. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.
Degişli habarda bellenilip geçilişi ýaly, şeýlelik bilen, ýurtda şu ýylyň 1-nji dekabryna çenli söwda kärhanalarynyň (azyk we gündelik haryt satýan dükanlardan başga) we naharhana (banket zallary, restoranlar, kafeler we naharhanalar) işleri çäklendirilýär.
Ozal habar berişimiz ýaly, ýurdumyza ýiti ýokanç keseliniň girmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen halkara uçar gatnawlarynyň möhleti 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli çäklendirilipdi.
Şeýle hem, otly we şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli totgadyldy. Dünýädäki we sebitdäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, daşary ýurtlarda galan raýatlarymyzy ýurdumyza getirmek işler alnyp barylýar.
Okap bilersiňiz!
Daşary ýurtdan gelýän raýatlaryň karantin möhleti uzadyldy
Halkara uçar gatnawlary boýunça täze möhlet
Türkmenistan otly we şäherara awtobus gatnawynda täze möhlet
Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi
Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!
Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa
Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda
Gyzykly bolup biler!
“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar
Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.