MEDENIÝET

Dueýn Jonson – pälwan we aktýor

“Hemme üstünlikler öz-özüňi terbiýelemekden başlanýar”

“Ünsli bolmak üstünlikli adamlar üçin iň möhüm guraldyr”

Dueýn Duglas Jonson, aktýor.

 Dueýn Duglas Jonson – amerikaly pälwan, sazanda, aýdymçy we kinoaktýor, 1972-nji ýylyň maý aýynyň 2-sine ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Heýward şäherinde dogulýar. Onuň kakasy meşhur pälwan Soulmen Rokki Jonson, aktýoryň hemaýatçysy ejesi bolup durýar onuň ady Maýwiýa. Ýaşlyk döwründe Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde başlangyç bilimini alýar, soňra bolsa Betlehem şäherine göçüp, ol ýerde orta mekdebi tamamlaýar. Orta mekdep döwründe Jonson mekdep topary üçin amerikan futbolyny oýnapdy we ýeňil atletika we söweş sporty bilen meşgullanypdyr. Mekdebi tamamlandan soňra, köp uniwersitetler Jonsona çakylyk ugradypdyrlar, olaryň arasyndan Dueýn talyp haky bilen üpjün etjek “Maýami” uniweristetini saýlaýar. 1991-nji ýylda uniwersitetiň topary bilen Milli sport uniwersitet assosiasiýasynyň çempiony bolmagy başardylar. Jonson 1995-nji ýylda uniwersiteti kriminologiýa we psihologiýa ugry boýunça bakalawr derejesini tamamlaýar. Uniwersiteti tamamlandan soň, Kanada futbol ligasyndan “Kalgari Stampeders” bilen üç ýyllyk şertnama baglaşýar, ýöne tutuş möwsümi oýnandan soň, şikes alyp professional futbolçy hökmünde karýerasyny tamamlamagy mejbur bolýar.

Teatrlaşdyrylan söweş sportundaky karýerasy

Ilkinji teatrlaşdyrylan söweş tutluşygyny Pokki Maýwia ady bilen 1996-njy ýylda geçirýär. Onuň sahna ady kakasynyň we atasynyň atlaryndan düzülýär emma Jonsona bu sahna ady göwnüne ýaramaýar, ýöne WWF teatrlaşdyrylan söweş sportynyň ýolbaşçysy bu ady almak üçin razy edýär. Bu sportda Dueýn Jonson ençeme duşuşyklardan soňra, 2004-nji ýylda WWF guramasyny terk edýär we geljekdäki ýyllarda kino aktýor karýerasyny gurmak isleýändigini nygtap geçýär. Emma 2011-nji ýylda ýene şol gurama gaýdyp gelýär we birnäçe tutluşyklar geçirýär. Gysgaça aýdanymyzda Jonson sekiz gezek WWF / E çempiony, iki gezek WCW çempiony, iki gezek WWF yklymtara çempiony we WWF toparynyň bäş gezek çempiony. Şeýle hem, “Üç täjiň” altynjy çempiony we 2000-nji ýyldaky “Şalar söweşiniň” ýeňijisi.

Kino karýerasy

2000-nji ýylda Jonson “New York Times” gazetiniň iň köp satylan sanawynda 1-nji orunda çykan “The Rock Says” atly terjimehaly kitabyny ýazdy. Bu kitap bolsa Golliwydyň aktýora has hem ünsi çekmegine sebäp boldy. 2001-nji ýylda filmlerde aktýorlyk edip başlady, 2002-nji ýylda bolsa “Içýanlaryň şasy” filminde baş keşbi janlandyrdy. Bu keşbi janlandyran üçin 5.5 million dollar tölegini alan aktýor Ginnesiň Rekordlar kitabynda ilkinji baş keşbi üçin iň ýokary töleg alan hökmünde hasaba alyndy. Mundan başga-da, “Amazonyň hazynasy, Duum”, “Diş perisi”, “Gerakl” we “Forsaž” ýaly kinolarda aktýorçylyk etdi. Kino sungatynda aktýorçylyk etmek üçin onuň fiziki bedeni oňa uly goldaw bolup durýar.

Şahsy durmuşy

Dueýn Jonsonyň we onuň ýoldaşy Loren Heşian dokuz ýyl bile ýaşaşypdyrlar we 2015-nji ýylyň 16-njy Dekabrynda gyz perzentleri bolýar. Onuň adyna Jasmin diýip, atlandyrýar. 2018-nji ýylyň Aprel aýynyň 17-ne olaryň ýene-de bir gyz perzenti dünýä inýär. 2019-njy ýylyň 19-nji awgustynda är-aýal Gawaýa ştatynda durmuş gurýarlar.

Aktýor barada gyzykly maglumatlar

“Gala lakamy-nesil pälwany”

Dueýn Jonson (Gala)- ilkinji gezek ekranlarda kakasynyň keşbinde peýda boldy

Aktýoryň selfi düşmek boýunça dünýä rekordy bar

Şeýle hem aktýor, ilkinji esasy roly üçin iň uly töleg rekordynyň eýesi

Dueýn Jonson Kaliforniýanyň öňki gubernatory bolan Arnold Şwarseneggeriň iň gowy dosty

2019-2020-nji ýyllaryň “Forbes” žurnalynyň  iň köp aýlyk alýan aktýorlaryň sanawynda birinji orny eýeledi.

Dueýn Jonson “Instagram” yzarlaýjylaryna özüniň güýjüni durmuş ulanmaly bolýandygy aýtdy. Bir gün aktýor öýünden kino studio gitjek bolup durka onuň öýüniň derwezesi açylman gulpynda näsazlyklar döräpdir. Näçe adamyny garaşdyrmazlygy üçin aktýor öýüniň derwezesini güýjini ulanyp ony döwüpdir we studio wagtynda barmagy başarypdyr.

48 ýaşly aktýor 12 aýyň içinde 87.5 million dollar gazanmagy başarypdyr.

2020-nji ýylda Dueýn Amerikan sport-eşik öndürijisi “Under Armour” bilen işjeň hyzmatdaşlyk etdi.

Aktýoryň boýy – 196 sm

Agramy: 120 kilogram

Ýyldyzy: Öküzçe

Daşary ýurt aktýorlaryň sanawynda 12-nji orunda ýerleşýär.

Baý aktýoryň iň gowy filmleri

“Içýanlaryň şasy”

“Amazonkanyň hazynasy”

“Suw perisi”

“Forsaž”

“Jumanji Jeňňeliň çagyryşy”

“Malibu halas edijileri”

“Gyzyl duýduryş 2020”

 

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy