Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň ýurduň çägine girmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň döwlet serhetlerinden ýurduň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlary bolmadyk adamlaryň geçmeginiň çäklendirmeginiň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli çäklendirildi. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Şeýle hem bu habarda aýratyn kabul edilen kararlardan başga halkara howa, deňiz, demir ýol we awtomobil gatnawlarynyň çäklendirmegi degişli döwre çenli dowam etjekdigi bellenilýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanda metjitlerde we zyýarathanalarda köpçülikleýin çäreleriň guramagyň çäklendirme möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli uzadyldy.
Durmuş hyzmatlary ulgamyndan dellekhana we tikinçilik atelýeleriniň möhümdigi göz öňünde tutulyp, şeýle kärhanalaryň işine 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli rugsat berilýär. Dellekhanalar we tikinçilik atelýeleri sanitar-gigiýena talaplaryny berk berjaý etmek şerti bilen 09:00-dan 20:00-a çenli işläp bilerler.
Ozal habar berişimiz ýaly, Türkmenistanda otly hem-de şäherara awtoulag gatnawynyň 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli togtadylýandygy mälim edilipdi.
Ozal 1 aý dowam edýän çäklendirmeleriň möhleti soňky habarlara görä, 2 aýa çykarylyp, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dowam edýär.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasy https://turkmenistanairlines.ru internet saýty her aýyň 29-30-njy güni halkara howa gatnawlarynyň ýagdaýy barada habar berýärdi. Entek bu internet sahypasyndan habar ýerleşdirilmedi.