BIZNES

Awtoduralgalar we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli ulanmak maksady bilen “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Aşgabat şäher häkimliginiň 9 sany köp gatly awtoduralgasyny we Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçylyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni, salgyly satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

Milli Liderimiz bu Karara Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Mejlisde berlen hasabata görä, hususylaşdyryljak desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý söwda dolanyşygy 8,34 milliard dollara deň boldy

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler