Gutabyň hamyry üçin gerekli önümler:
- 1 kg un
- 1 jam (aralyk ölçegde) mylaýym suw
- 1 nahar çemçesi duz
- 1 nahar çemçesi hamyr maýa
- 1 ýumurtga
Gutabyň içi üçin gerekli önümler:
- 1 kg ýer almasy
- 3 nahar çemçesi günebakar ýagy
- 1 uly sogan
- Islege görä duz
Gutabymyzyň hamyryny taýýarlamak üçin bir jamyň içine duz, soňra, hamyr maýa we ýumutrgany goşup garmaly. Garyndymyzyň üstüne bir jam mylaýym suw guýup garmaly. Soňra elekden geçirilen uny goşup, gulak ujunyň ýumşaklygynda hamyr ýugurmaly/taýýarlamaly. Hamyrymyzy 2 sagat ýyly ýerde üstüni basyryp goýmaly.
Gutabymyzyň içiniň taýýarlanyşy hem aňsat. Onuň üçin ýer almasyny arassalap, her haýsyny dört bölek edip dogramaly. Dogralan ýer almalary suwly pitide tä ýumşaýança gaýnatmaly. Gaýnap ýumşajyk bolan ýer almalaryny pitiden suwuny süzüp çykarmaly we aýratyn bir gaba geçirmeli. Ýer almalarymyzy agaç çemçe bilen gowy edip ezip, pýure taýýarlamaly. Sogany ownujak edip dogramaly. Sajyň içine biraz günebakar ýagyny guýup, soganymyz altyn öwüşgünli reňke öwrülýänçä gowurmyşlamaly. Taýýar bolan soganymyzy pýureniň üstüne goşup, göz çeni bilen duz atmaly we garmaly. Islege görä gara burç hem atsaň bolýar.
Taýýar bolan hamyrymyzy kiçiräk, tegelek edip ýaýmaly. Hamyryň içine pýureny salyp, iki epläp bükmeli. Sajda öňünden gyzdyrylyp taýýar edilen ýaga gutaplarymyzy atmaly. Gutabymyzyň daşyny iki tarapyna öwrüp, altyn öwüşginli reňke gelinçä bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsun!
Taýýarlan: Ajap Rejepowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetiniň talyby
Beýlekileri hem okap bilersiňiz:
Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)
Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy
Howurpeçsiz keksiň taýýarlanylyşy
Çaý başynyň süýjülik güýmenjesi
Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy