BIZNES

Türkmenistan Tatarystanda söwda öýüni açar

Türkmenistan daşary ýurtlarda söwda öýlerini açmagy dowam etdirýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda türkmen söwda öýüni açmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Türkmenistan özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli işleri alyp barýar. Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar daşary ýurtlaryň bazarynda uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanyň Daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň söwda öýüni açmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bilen Tatarystan uly senagat kuwwatyna eýedir. Hormatly Prezidentimiz öňde köp sanly taslamalaryň durýandygyny aýtdy.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär