SIZDEN GELENLER

Ýaltalykdan halas bol!

Sizem “ Şu gün we ertir “ diýlende edilmeli işe başlap bilmeýänlerdenmi? Şeýle-de, synag gününe çenli depderdir kitap açmaýan we bellenilen möhlete çenli iş bilen gyzyklanmaýanlardan birimisiňiz? Eger şeýle adamlardan bolsaňyz birnäçe berjek maslahatlarymyz size kömek edip biler.

Her birimizem  wagtal-wagtal ýaltalyk bilen ýüzleşýäris. Has takygy ýaltalyk etmegi halaýan hem bolup bilersiňiz. Hatda ellerimizi gymyldadasymyz gelmeýän ýa-da aýlanyp- aýlanyp boş gözler bilen edilmeli işlere seredenimiz ýaly ýagdaýlar bilen hemmämiz ýüzbe- ýüz bolýan bolsak gerek. Bu adaty bir zat! Netijede hiçbirimiz hem tükeniksiz güýçli gahryman däldiris. Başga bir söz bilen aýdylanda şeýle bir pursat gelýär welin, hiç hili ýoly dowam etmek üçin  güýjümiz galmaýar.(batareýamyz çökýär). Hut şeýle döwürlerde ýaltalyk bize öňküsinden has özüne çekiji bolup görünýär. “Hiç zat üçin gymyldy hereket etmek islemeýärin ýa-da işlemek islemeýärin”  ýaly sözleri aýtmagyňyz tebigy bir hadysadyr. Mesele, ýerine ýetirilmeli işiň gereginden köpelen pursatynda ýüze çykýar. Şonuň üçin ýaltalyk hemişelik bolup, tanapyň ujuny ýitirmegiňe sebäp bolanda, hökman ýok edilmeli uly bir meselä öwrülýär. Şeýlelik bilen siz aşakdakylary okap, öz baş alyp çykmasy kyn bolan endigiňizden halas bolup bilersiňiz, elbetde okamaga ýaltanmasaňyz !

Ýaltalykdan halas bolmak üçin ilkinji nobatda etmeli zadyňyz,

Özüňizi alyp baryşyňyzyň sebäbine düşünmekdir!

Şonuň üçin ilki bilen meseläniň çeşmesini tapmaly. Mysal üçin: Örän ýadawlygyňyz üçinmi ýa-da etmeli işiňiziň kynlygy sebäpli ýaltalyga ýüz urýarsyňyzmy?

Üstünlikli edip bilmersiňiz öýdüp, hiç eliňiz barmaýarmy ýa-da ünsi jemläp bilmeýänligiňizdenmi? Ýaltalygyň düýp sebäbine düşünýän bolsaňyz, meseläni çözmek has ýeňil bolýar we hereket etmek üçin has höwesli bolup bilersiňiz.

Sizi bagtly etjek işler bilen iş salyşyň!

Adamlaryň köpüsi hakykatdan hem  halamaýan işlerini etmeli bolýandyklary sebäpli ýaltalyk bilen ýüzleşýärler. Etmeli işiňiz size lezzet berýän bolsa, çyn ýürek bilen ýerine ýetirseňiz , bu meseläni çözmek üçin näçe wagtyň geçenligini hem duýmarsyňyz.

Nireden başlamalydygyny biliň!

Bu barada oýlanyň! Öňüňizde arassalanmaly uly jaý bar. Şeýle pursatda 3 otagly jaý gözüňize uly bir gala ýaly  görünmegi mümkin. Belki, birnäçe sagadyň içinde edip boljak işiňiz  hiç haçan gutarmajak ýaly görünmegi hem mümkin. Şeýle-de bolsa, tutuş jaýy arassalamak hakda pikir etmeseňiz , işiňiz has aňsat görüner. Mälim ediljek bolýan zat, ýaltalykdan halas bolmak üçin nireden başlamalydygyny bilmeli. Uly jaýy arassalamagyň ýerine, geýim- gejimleriňizi  tertipläp başlaň we bu işi ýerine ýetirip duran pursatyňyzda jaýyň galan bölegi hakda pikir etmäň, ünsüňizi şol pursatda ýerine ýetirýän kiçijik meseläňize gönükdiriň.  Şeýlelik bilen, bularyň hemmesini yzygiderli we kynçylyksyz ýerine ýetirip bilersiňiz.

Özüňize garşy çykmagy öwreniň!

  Ýaltalyk şol pursatda size şatlyk bolup biler. Bu adaty bir zat. Ýaltalygy , beýleki görnüşlere garanyňda durmuşa geçirmek has ýeňil. Birnäçe adamlaryň islegleri aňsat bir görnüşde bolýar. Şeýle-de bolsa, üstünlik gazanmak üçin edilmeli zat  kyn zady saýlamakdyr. Şonuň üçin ýaltalykdan saýlanmaga özüňi mejbur etmeli. Özüňizi mejbur etmegi öwreneniňizden soň, ony  endik edip höwes bilen  etmäge başlarsyňyz.

Herekete başlanyňyzda näme gazanjakdygyňyz hakynda pikir ediň!

Ýaltalyga sezewar bolmak öz ýanyňyzdan size gowy bolup biler, ýöne ýaltalygyň size näme peýdasy bar. Edilmeli  işleriň üýşmegine goşant goşýan şowsuzlyk duýgusundan başga hiç zat gazandyrmaýar. Ýaltalyga ýüz urmasaň näme peýda görüp bilersiň, şu barada pikirlenmeli. Mysal üçin: Iş ýeriňizde ýaltalygyň ýerine özüňizi işlemäge mejbur etseňiz! Depderdir kitaby bir tarapa geçirmegiň ýerine synaglaryňyza taýýarlansaňyz! Ýa-da başga ýerine ýetirilmeli işleriňiz berjaý etseňiz ! Şonda ýaltalyk ýerine hereket etmegi saýlanyňyzda köp tarapdan bähbitli zatlary gazanarsyňyz.

Has köp hereket ediň!

Ýaltalyga gabalan bolsaňyz we ol sizi şowsuzluga getirýän bolsa, durmuşyňyza hereket goşmaly. Hereket diýmek näme? Bu diýmek , siziň bilýän hereketiňiz  hakynda gürrüň gidýär. Şonuň üçin has köp ýöremegi, has köp ylgamagy, gysgaça aýdylanda öňküsinden has köp hereket etmegi maslahat berilýär. Sebäbi hereket etdigiňizçe  bedeniňizde we aňyňyzda has güýçli üýtgeşmeler duýarsyňyz. Aýdylanlaryň dogrudygyny görmek isleseňiz, ýeriňizden turup, ujypsyzja hereketleri ýerine ýetirmäge başlaň. Üstüňizdäki ýaltalykdan halas bolmaga çalyşyň. Könelerimiz : “Herekete bereket“ diýipdirler.

 

Taýýarlan: Merjen Atagarryýewa

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby

 

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

                            

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti