TEHNOLOGIÝA

Dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy yglan edildi

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi ýene-de dünýäniň iň gymmat awtoulag markasy adyna eýe boldy. “Interbrand” gullugyna salgylanyp, “Dünýäniň iň gymmatly 100 markasy” ýyllyk sanawyna birnäçe awtoulag öndürijileri hem girmegi başardylar. “Toyota” dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy diýlip yglan edildi, onuň markasynyň bahasy 51,595 milliard dollar barabar boldy. Onuň yzyndan “Mersedes-Benz”, marka bahasy 49,268 milliard dollar we “BMW” markasy 39,756 milliard dollara barabar boldular. Bu awtoulag öndürijiler umumy sanawda degişlilikde 7-nji, 8-nji we 11-nji orunlara mynasyp boldular. Bu kompaniýalardan soňra “Honda” awtoulag öndürijisi ýerleşdi, onuň marka bahasy 21,694 milliard dollara barabar boldy. Bäşinji oruna bolsa “Hyundai” awtoulag kompaniýasy mynasyp boldy we bu kompaniýanyň marka bahasy 14,295 milliard dollara ýetdi. Häzirki wagtda dünýäde elektroawtoulag öndürijisi “Tesla” bolsa 6-njy orunda ýerleşdi, umumy sanawda bolsa 40-njy orunda galmagy başardy. Ilon Muskyň öndürýän awtoulag markasynyň bahasy 12,785 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa dünýä belli amerikan “Ford” kompaniýasyndan 220 million dollar köp bolup durýar. Şeýle hem bu sanawa “Audi”, “Volkswagen”, “Porsche”, “Nissan”, “Ferrari”, “Kia”, “Land Rover” we “Mini” awtoulag markalary girmegi başardylar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi