BIZNES

Türkmenistan «Transmaşholdingden» iki teplewoz satyn alar

«Türkmendemiryollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň tehniki üpjünçiliginiň üstüni Russiýanyň «Transmaşholding» PJ-niň täze teplozowlarynyň ikisi bilen ýetirer.

«Railway.gov.tm» saýtynyň berýän habaryna görä, ikitaraplaýyn geçirilen wideoşekilli maslahatyň dowamynda teplowozlary satyn almak baradaky ýörite şertnama gol çekildi. Türkmenistana 2TE25 KM kysymly teplowozlar geçiriler.

Şeýle hem Russiýanyň iň iri demir ýol ulaglary kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar emele gelen netijeli hyzmatdaşlyga özara kanagatlanma bildirip, geljekde ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak we hünärmenleri bilelikde taýýarlamak barada hem gepleşikleri geçirdiler.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Related posts

Türkmenistan bilen Germaniýanyň söwda dolanyşygy 305 million dollara deň boldy

Türkmenistanda iri halkalaýyn energoulgamy gurulýar

Türkiýe Ýewropa bilen Russiýanyň arasynda tebigy gaz merkezine öwrülýär