JEMGYÝET

 “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň 12-nji tomy çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.

10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy giňden bellenilip geçiler diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdygyny belläp, has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa sylaglara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.

Şeýle hem milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagynda paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş hem-de Estetiki merkezleriniň binalaryny açyp, ulanmaga berilýändigini, bu täze edaralar hem raýatlarymyza saglygyny dikeltmekde ýokary derejede hyzmat etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomdan ybarat ylmy-ensiklopediki eseriniň ozalky tomlary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi.

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri