SPORT

Katar dünýä çempionatyna taýýarlanýar

Futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler. Katar döwletindäki ýaryşyň guramaçylyk komitetiniň baş müdiri Nasser Al-Halter: “Katar döwletinde geçiriljek FIFA dünýä çempionatynyň infrastrukturasy, şeýle hem ähli taslamlary takmynan 90% göterim taýýar” diýip, belledi.

Şeýle hem Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino, Katar döwletiniň ýaryşyň guramaçylary bilen özüniň iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda doly derjede tamamlanmadyk “Al-Baýt” stadionynda, ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. “Al-Baýt” stadiony öz içine 60 müň tomaşaçyny kabul edýär. Bu stadionda dünýä çempionatynyň “Açylyş oýuny” geçiriler.

“2022-nji ýylda geçiriljek ýaryşyň stadionynda oýnamak diýseň begendirýär” diýip, Jani Infantino belleýär. 2022-nji ýylda Katar döwletinde geçiriljek dünýä çempionaty 21 noýabrdan başlap, 18-nji dekabr aýynda tamamlanar.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady