JEMGYÝET

Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika, ulag pudagynda, ekologiýa düzüjileri nazara almak bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi barada aýdyldy. Bilelikdäki işi häzirki ýagdaýlara we wehimlere, şol sanda global pandemiýa döwründäki şertlere uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada bellenip geçildi. ÝTÖB özüniň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem ýardam berjekdigini tassyklady.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek barada pikir alyşdylar hem-de gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli pudaklary boýunça mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Dr.Döwran Orazgylyjow : Makul Sözlük Silikon jülgesinden gözbaş alan taslama

Ata Watan Eserleri

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde