Hindistanda neşir edilýän «Business Central Asia» žurnalynyň nobatdaky sanynyňtutuşlygyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesine bagyşlanmagy bu wakanyň dünýäniň iri metbugat neşirlerinde-de uly gyzyklanma döredýändigini aýdyň görkezýär. Nýu-Deli şäherinde 2008-nji ýyldan bäri çap edilip, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe ýaly ýurtlara ýaýradylýan «Business Central Asia» žurnalynyň esasy maksady Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary has-da berkitmäge goşant goşmakdan, sebitde bolup geçýän wakalara giňişleýin seljerme bermek arkaly birek-biregiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň many-mazmuny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit derejesindäki ähmiýeti dogrusyndaky makalalara, bilermenlerdir syýasatşynaslaryň syn-seljerme häsiýetli materiallaryna aýratyn orun berilýär. Hususan-da, Hindistanyň Aşok Sajjanhar, Arwind Gupta, Praweş Kumar Gupta, Nirmala Joşi, Kamalа Kumari, Manu Mittal ýaly belli diplomatlary, syýasatşynaslarydyr professorlary BMG-niň taryhy Kararnamalarynyň ikisi bilen tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň aýratynlyklary we artykmaçlyklary, öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmekdäki, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti baradaky öz pikir-garaýyşlaryny giň okyjylar köpçüligi bilen paýlaşýarlar. Neşirde durnukly ösüşe ýetmekde dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigine üns çekilip, şu ýylyň başynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda öňe sürlen tekliplerdir başlangyçlara töwerekleýin syn berilýär.
Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda iri wekilçilikli forumlarda türkmen Lideriniň öňe süren başlangyçlary, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ulag, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarynyň ählumumy gün tertibindäki meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakdaky ähmiýeti baradaky makalalara aýratyn orun berilýär. Ýeri gelende, bu žurnalyň Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanlarynyň ozal hem ençeme gezek neşir edilendigini aýtmak gerek.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy