«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp at çapyşyklary geçirildi, sergiler gurnaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk sport toplumynda baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşdy.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde dürli aralyklarda öz ýyndamlygyny we tizligini görkezdiler. Çapyşyklaryň her birinde baýraklar goýuldy—6 baýragyň her biri 15 müň amerikan dollar bolup, olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň adyndan hem-de baş baýrak 30 müň dollar hormatly Prezidentimiziň adyndan goýuldy. Şeýlelikde, baýragyň umumy möçberi 120 müň dollar bolup, olar her çapyşyga gatnaşýan 12 çapyksuwaryň içinden diňe ýeňiji bolanlaryň arasynda paýlanar. Şeýlelikde, baýraga dalaş edýänleriň jemi sany 84 çapyksuwardan ybaratdyr.
Birinji çapyşyk
Üçýaşa bedewler gatnaşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Garagum diýen aty geçdi, ony çapyksuwar N.Agamyradow çapdy. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 48 sekuntda geçdi.
Ikinji çapyşyk
1600 metr aralygy geçirildi. Bu ýaryşda iň oňat wagty çapyksuwar D. Berdimuhammedowyň çapan, Içeri işler ministrligine degişli bolan Gyrbedew diýen aty görkezdi. Ol bu aralygy 1 minut 42,2 sekuntda geçmegi başardy.
Üçünji çapyşyk
Bu tapgyrda bedewler 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup, B.Babaýewiň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen diýen aty geçdi. Ol bu aralykda 2 minut 02,6 sekund wagt görkezdi.
Dördünji çapyşyk
Bu çapyşyk 2200 metr aralyga geçirildi. Pellehana ilkinji bolup, çapyksuwar R. Abdyýewiň çapan Atçylyk sport federasiýasynyň Dorhan diýen aty geldi. Ol bu aralygy 2 minut 27,1 sekuntda geçdi.
Bäşinji çapyşyk
Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşmagynda geçirilen bu çapyşykda (2200 metr aralyk) ilkinji üç baýrakly orunlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewleri eýelediler. 2 minut 30,7 sekund netije görkezip, Goşasakar diýen at pellehanadan ilkinji geçdi. Bedewi çapan çapyksuwar N.Annamyradow.
Altynjy çapyşyk
Bu çapyşyk (2400 metr aralyk) dörtýaşar we uly bedewler gatnaşdylar. Bu ýaryşda Adalat ministrliginiň Syrdaşym diýen aty birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B. Berkeliýewiň çapan bu aty bellenen aralygy 2 minut 38,3 sekuntda geçmegi başardy.
Final çapyşyk
Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşan jemleýji çapyşygy 2400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan baş baýragy almak ugrunda ýaýbaňlandy. Dartgynly we özüni çekiji bu çapyşykda Dorgunan diýen bedew pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 2 minut 49 sekund wagt görkezdi.
At çapyşyk ýurdumyzda bedewleriň gatnaşmagynda geçirilýän iň söýgüli ýaryşlaryň biri bolup durýar. At çapyşyklary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynyň baş bezegidir. Bu gezekki baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşyklarynyň ahyrynda baş baýraga mynasyp bolana 30 müň amerikan dollaryna barabar sylag berildi.
Mundan başga-da, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde milli amaly-haşam sungatynyň we çeper senetkärçiligiň eserleri görkezilýär. Ahalteke bedewleriniň bezeg şaýlary we halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň çeper keşbini beýan edýän eserler sergide esasy orun eýeleýär. Ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligi, çeýeligi, özboluşly häsiýeti hem-de düşbüligi asyrlaryň dowamynda şahyrlaryň, suratkeşleriň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ylham çeşmesine öwrüldi.
Ýurdumyzyň esasy baýramlarynyň biri bolan döwlet Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň dowamynda il sylagly ýaşulylara we hökümet ýolbaşçylaryna gymmatbahaly baýraklar gowşuryldy.
Täze Konstitutsion Kanun barada käbir maglumatlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyklary näme?
Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary näme?
Milli Geňeşiniň agzalygyna näçe agza saýlanyp bilýär?
Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?
Kanuny kim kabul edýär: Halk Maslahatymy ýa-da Mejlismi