JEMGYÝET

Adam atlarynyň manysy 24-nji ýanwar

Oglan atlary:

  1. Arzymet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arzyly we öwgä mynasyp ogul’’ diýmek.
  2. Arzysähet- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Arzyly , arzuw edilip ýetilen we sähetli gün doglan ogul’’ diýmek.
  3. Arpapolat- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Aşly-nanly , jany hem polat ýaly berk bolsun’’ diýmek.
  4. Arryk- bu at oglanlara dakylýan at. Manysy ,,Hor, çepiksi ogul’’ diýmek.

5.Arslan-bu at oglanlara  dakylýan at. Manysy,,Arslan ýaly güýçli, batyr bolsun’’diýmek.

Gyz atlary:

6.Balhan-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Süýji dilli gyz, gyzlaryň hany, seresi bolsun’’ diýmek.

7.Bahaly-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Gymmatly, ýokary bahaly gyz’’ diýmek.

8.Bahar- bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Baharda, ýazda doglan’’ diýmek.

9.Baharaý-bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Baharda doglan gyz’’ ýa-da ,,Gözel gyzyň durmuş ýoly gül açsyn, güllesin’’ diýmek.

10.Bahargül– bu at gyzlara  dakylýan at. Manysy ,,Baharyň, ýazyň güli ýa-da baharda doglan owadan gyz’’ diýmek.

 

Eýranly futbolçy Azmun “Baýer” toparyna geçer

Related posts

“Rönesans Holding” Aşgabat üçin täze söwda merkeziniň taslamasyny taýýarlady

Ata Watan Eserleri

Şelkunçik bilen täze ýyl baýramy

vepa

Türkmenistan ŞHG-niň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy