BILIM

Türkmenistanyň ilçisi Anadolu uniwersitetine baryp gördi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyýew Türkiýäniň Anadolu uniwersitetine baryp görüp, bu ýerde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdy.

Türkiýäniň ýokary okuw medebiniň resmi internet sahypasynda berlen maglumata görä, ýurduň Eskişehir şäherindäki Anadolu uniwersitetine baryp gören Türkmenistanyň ilçisi türkmen ýaşlary bilen duşuşyk geçirdi. Ilki bilen Anadolu uniwersitetiniň prorektorlary bilen duşuşan Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde türkmen ýaşlarynyň hem bilim alýandyklaryny uly buýsanç bilen belledi. Anadolu uniwersitetiniň prorektory Prof. Dr. Süleýman Sözen öz ýokary okuw mekdebinde bilim alýan daşary ýurtly talyplar bilen baglanyşykly edilýän işler barada maglumat berdi.

Soňra türkmen ýaşlary bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanly talyp ýaşlary Anadolu uniwersitetindäki alýan bilimleri bilen baglanyşykly pikirlerini hem-de tekliplerini uniwersitetiň prorektorlaryna hem-de Türkmenistanyň ilçisine ýetirdiler.

Türkmenistanyň ilçisiniň saparynyň ahyrynda birek-birege sowgatlar gowşuryldy hem-de ýadygärlik surata düşüldi.

Türkmenistan Büyükelçisinden Göç İdaresine Ziyaret

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

 

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar