BILIM

Işewürlik üçin onlaýn iňlis dili öwrenmek mümkinçiligi

Söwda we işewürçilik üçin onlaýn iňlis dili öwrenmek mümkinçiligi döredilýär. Iňlis dilini öwrenýänler üçin Köpçülikleýin açyk onlaýn okuwy (MOOC) geçirilýär. Okuwyň geçirilýän möhleti 2020-nji ýylyň  5-nji oktýabry – 28-nji dekabry aralygydyr.

Telekeçilik bilimlerini we dil endiklerini ýokarlandyrmak isleýän iňlis dilinde gürlemeýänler üçin niýetlenen “MOOC” iňlis dili okuwyna goşulmak mümkinçiligi bar. Ol mugt amala aşyrylýar.

Özbaşdak geçirilen bu okuwda gatnaşyjylar dil öwrenmek bilen birlikde täze işe başlamagyň esasy ugurlary barada hem ädimme-ädim maglumatlar alarlar.

Dil öwrenmek okuwy ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan hemaýatkärlik edilýän we ABŞ hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän okuwlaryň biridir.

Has köp maglumat almak hem-de ýazylmak üçin:

http://bit.ly/BusinessEnglishMOOC

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Related posts

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Aspirantura: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty

Türkmenistanda ýene-de 2 sany bilim ojagy döredildi