BILIM

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.

«Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.

Karzyň möçberi: Okuwyň tölegini tölemek baradaky şertnama laýyklykda ýa-da hasap sypatnamada görkezilen möçberde nagt däl görnüşinde;

Göterim derejesi: ýyllyk 5 göterim;

Möhleti: 5 ýyla çenli.

Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy kabul edilýär.

Hormatly talyplar we ene-atalar! Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalarynyň we degişli resminamalarynyň bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde kabul edilýändigini ýatladýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-02-65; 44-03-04.

Şahamçalarymyzyň salgylaryny we telefon belgilerini bankyň resmi internet sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Related posts

THE-2024: Türkiýeden 75 uniwersitet abraýly uniwersitetleriň sanawyna girdi

Ata Watan Eserleri

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen oba hojalyk instituty: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri