MEDENIÝET

Taryhy tapyndylar milli muzeýe tabşyryldy

Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar tarapyndan gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykaryldy. 2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan, içine däne ýa-da suwuklyk saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy.

Şol tapylan humlary Türkmenistanyň Döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň belli taryhçylary we sanly wideoaragatnaşyk arkaly welaýat muzeýleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda türkmen topragynyň baý taryhy hem-de medeniýeti barada çykyşlar edildi.

Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Taryh zallaryna aýlanyp gördiler. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat geçirildi.

Munuň bilen baglanyşykly şu habary hem okap bilersiňiz.

Aşgabatda däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary tapyldy

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov