TEHNOLOGIÝA

Iň uly ýelken gämi

Şwesiýanyň taslama kompaniýasy “Oceanbird” atly ýel bilen işleýän ýük gämisini tanyşdyrdy. Bu gäminiň beýleki deňiz gämilerinden tapawutlylygy uglerod zyňyndylaryny 90% göterim azaldyp bilmegidir. Dünýäde iň uly ýelken gäminiň uzynlygy 200 metr, ini 40 metr, parusyň beýikligi 80 metr bolup, onuň içine 7 müňden gowrak awtoulag sygdyryp bolar. Şeýle hem gämini işläp düzenler gäminiň ummanlary geçip biljekdigini belleýärler. Bu bolsa häzirki ýük gämilerinden birnäçe hepde uzak dowam edip biler. “Wallenius Marine”-nyň baş iş dolandyryjysy Per Tunell: “Birnäçe ýyl bäri işleýän dizaýnymyzy hödürlemek bilen buýsanýarys. şeýle hem“Oceanbird” gämisi geljekdäki gämileriniň ornuny tutar” – diýip belleýär. Bu gämi dünýä ummanlaryna 2024-nji ýylda çykar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi