DÜNÝÄ

Gözleri bilen surat çekýär

Londonda ýaşaýan Sarahnik Sara Ezekiýel aýdyň we durmuşy tassyklaýan şekilleri bilen halkara derejesinde ykrar edildi. Elleriniň we aýaklarynyň tutmaýanlygyna garamazdan, çekýän suratlary örän täsin. Ezekiýeliň suratlary gözüň hereketini we şol hereketleri kompýutere geçirýän ýöriteleşdirilen tehnologiýany ulanyp, amala aşyrylýar.

Ysmaz keseline duçar bolan Ezekiýeliň durmuşy tehnologiýanyň kömegi bilen düýtgöter özgerdi. Suratkeş gözleri bilen sungat döredýär. Ol bu babatda “Göz nazary” enjamlarynda ýöriteleşen “Tobii Dynavox” tarapyndan öndürilen ulgamy ulanýar. Ýaşlygynda sungaty öwrenen Ezekiýel 2012-nji ýylda “Eye Gaze” enjamyny ulanyp surat çekip başlady. Işleri Angliýada we Katar ýaly uzak ýerlerde sergilenen hem bolsa, Ezekiýel henizem öwrenýändigini we öwrenmek üçin hemişe täze usullaryň bardygyny aýdýar. “Döredenimde, ähli işime ünsi jemleýärin” – diýip belleýär.

Ezekiýel öz işi barada: “Geň zat, meniň stilim üýtgemedi.  Tehnologiýa sebäpli suratkeş bolmak, durmuşa bolan garaýşymy düýpgöter gowulaşdyrdy we maňa başga-da köp mümkinçilikleri açdy” -diýdi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Related posts

Türkmen wekiliýeti Abu-Dabide gepleşikler geçirdi

Tokionyň ilaty 14 milliona ýetdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistana “EXPO 2025” Bütindünýä sergisi üçin ýer bölegi berildi