MEDENIÝET

Türkmenistanda Wirtual muzeý işi ýola goýulýar

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle ýurdumyzyň iri muzeýleriniň resmi internet saýtlary döredildi. Häzirki wagtda internet arkaly elektron petekleri satmak hyzmatlary ýola goýulýar.

Döwlet Medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň 2 sergi zalynda wirtual muzeý taslamasynyň ilkinji wideo görnüşleri taýýarlandy we synagdan geçirildi. Ol dünýä tejribesini öwrenmek arkaly ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Wirtual muzeý taslamasyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda işe goýbermek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde sanly tehnologiýalaryň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri

Türkmenistanyň kitaphana ýolbaşçylary Bakuda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy