Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilim portalynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Mugallymlar portalyň maglumatlary bilen bilim gorlarynyň üstüni ýetirýärler, talyplaryň onlaýn giňişlikdäki işjeňligine gözegçilik edýärler.
«Mugallymlar gazeti» gazetinde habar berlişi ýaly, talyplar bilim portalyna girip, okuw kitaplaryndan we golýazmalardan gerekli maglumatlary päsgelçiliksiz alyp bilýärler, wideolara we filmlere tomaşa edýärler, olaryň mazmunyndan bilimlerini artdyrýarlar. Portalda habarlaşma ulgamy herekete girizilip, talyplara mugallymlarynyň kömeginden peýdalanmaga mümkinçilik döredilendir. Mundan başga-da, ähli ýokary okuw mekdepleriniň bilim portallary ýokary bilimiň ýeke-täk maglumat toruna birikdirilendir.
Portallaryň işjeň ulanylmagy netijesinde mugallymlar we talyplar köpsanly maglumatlary toplaýarlar, olary özleşdirýärler, ulgamlaşdyrýarlar, gerek ýerinde ulanýarlar. Mysal üçin, test arkaly şol bir soraga dogry jogap berip bilmedik talyplaryň portaldaky hereketleri seljerilip, netijede olaryň goýberen kemçilikleri düzedilýär. Şeýle seljermeleriň esasynda işiň özara baglanyşygy kesgitlenenden soň, degişli okuw materiallarynda berilýän temany täzeden işlemegiň zerurdygy ýa-da degişli meseläniň okuwyň dowamynda düşündirilişini kämilleşdirmegiň möhümdigi ýaly netijelere gelinýär. Seljermeleri adaty usulda amala aşyrmak üçin her talybyň haýsy kitap, gollanma boýunça taýýarlanandygy we her aýratyn temany özleşdirmek üçin näçe wagt sarp edendigi ýüze çykarylýar.
“Big Data” tehnologiýany ulanyp, seljermäni geçirmek üçin zerur bolan maglumatlar we başga-da örän köp görkeziji awtomatlaşdyrylan ýagdaýda toplanylýar. Talyplaryň okuw işiniň görkezijileri degişli ders boýunça alnan netijeleri bilen deňeşdirilip, gysga wagtda seljerme geçirip bolýar. Hut şu jähetden “Big Data” tehnologiýasy ýokary tizlikde uly göwrümli maglumatlary gaýtadan işlemäge, şeýle hem bilimi dolandyrmaga, onuň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.