Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Jumaýew Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň Baş direktory Monik Elua bilen onuň maslahatçysy Romano Marabelli bilen duşuşdy. Taraplar epizootik abadançylygy üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda ilçi Ş.Jumaýew hanym Monik Elua golaýda ýurdumyzda döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy, onuň gurluşy we esasy ugurlary barada jikme-jik maglumat berdi. Bu assosiasiýa halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlary yzygiderli esasda hasaba almak we köpeltmek, şeýle hem alabaýlary dünýäde giňden wagyz etmek babatda degişli işleri geçirýär.
Hanym Elua Türkmenistanyň haýwanlaryň saglygyny goramak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Monik Elua, şeýle hem, Türkmenistana baryp görmek we “«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işleri bilen has ýakyndan tanyşmak isleýändigini mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Ş.Jumaýew hanym Elua hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny, şeýle hem türkmen alabaýlary we ahalteke bedewlerine bagyşlanan beýleki neşirleri sowgat berdi.