JEMGYÝET

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda «Bagtyýarlygyň» ähmiýeti

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Nebit-gaz” gazetiniň internet neşirinde “Bagtyýarlyk” – dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mesgeni atly makalasynda türkmen-hytaý arasyndaky nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Merkezi Aziýa — Hytaý gazgeçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazyň 316 milliard kubmetri akdyryldy. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bu barada habar bermek bilen, transmilli ulgamyň eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýändigini, 500 milliondan gowrak adama peýda getirýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň ýataklaryndan gözbaş alýan hem-de Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden üstaşyr geçýän gazgeçirijiniň gurulmagy durnukly ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni «mawy ýangyjy» transmilli ulgam arkaly esasy iberiji bolup durýar. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň ýataklary ekologiýa taýdan arassa çig malyň ikinji iri çeşmesi bolup, olary Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» Gaz kompaniýasy Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga laýyklykda işläp taýýarlaýar.

  • 2007-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisiniň birinji simwoliki bölegini kebşirlemek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem CNPC-niň ýolbaşçylaryna «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde degişli işleri geçirmäge hukuk berýän resminamalary gowşurdy.
  • Geçen 13 ýylyň dowamyndatürkmenwehytaý hünärmenleriniň tagallalarybilenAmyderýanyň sagkenaryndatebigygazyň wegazkondensatynyň ulygorlarynaeýebolan ýataklaryň 20-dengowragy ýüze çykaryldy. Bu ýerdekuwwatlygaz çykaryjy, gazygaýtadanişleýänwegazgeçirijidüzümdöredildi.
  • Bu işlere geologiýa we geofizika gözlegleri, buraw we inžener-gurluşyk babatda baý tejribesi bolan kompaniýalar çekildi. Olaryň hatarynda «Sinopec Shengli Petroleum Engineering», «CNPC Chuanqing Drilling» we beýlekiler bar.
  • Hususan-da, 3D usulybilen seýsmiki barlag işleri geçirildi, ol 10 müň inedördül kilometr meýdany, ýagnyşertnamaly meýdanyň 75 göterimini gurşap aldy. Guýular eňňit-ugurly we keseligineburawlanýar, ol çig malyň çykarylyşyny 2-3 esse artdyrmaga mümkinçilik berýär.
  • 2014-nji ýylda Amyderýanyň sag kenarynda iri ýataklary ýüze çykarmak we işläptaýýarlamak üçin ulanylýan esasy tehnologiýalar ylmy-tehniki ösüş babatda HHR-niň Millibaýragyna mynasyp boldy. «Bagtyýarlyk» ilkinji daşary ýurt taslamasy bolup, bu ýerdePetroChina «sanly gaz ýatagynyň» platformasy guruldy, ol häzir ulanyş guýularynyň 125-den gowragyny öz içine alýar.
  • Umuman, soňky 10 ýylyň dowamynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde gazyňçykarylyşy bir ýylda 4 milliarddan 14 milliard kubmetre çenli artdy. 2020-nji ýylyň başynda hytaýly hyzmatdaşlaryň goýan maýalarynyň umumy möçberi 8,2 milliard dollara deň bolip, gazyň çykarylyşy 100 milliard kubmetre barabar boldy.
  • Şeýle hem, 2023-nji ýylyň oktýabryna çenli täze gazguýularynyň 30-a golaýyny burawlamak meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy