TEHNOLOGIÝA

“Volkswagen”-iň elektrik ulagy önümçilige goýuldy

“Volkswagen” kompaniýasynyň meşhur “ID” markasy barha giňeýär. Indi bu markanyň 4-nji nesli alyjylara gowşar. Häzirki wagtda kompaniýanyň “ID.4” markaly elektrik awtoulagy “Zwickau” zawodynda önümçilige doly ýola goýuldy. Döwrebap awtoulag 500 kilometr aralygy geçmegi başarar. “Volkswagen ID.4” awtoulagyna gelýän sargytlaryň sany häzirki wagtda barha artýar. Ulag Türkiýede satyljak ilkinji “Volkswagen” kysymly elektrik awtoulag bolar. Elektrik ulag ilki Ýewropa yklymynda soňra bolsa, Hytaýda we ABŞ-da satylyp başlar.

Elektrik ulaglary öndürmekde dünýäde öňdebaryjy bolmak maksadyna ýetmek üçin 2024-nji ýyla çenli 33 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýän “Volkswagen Group” bu maýa goýumynyň 11 milliard ýewrosyny “Volkswagen” brendine bölüp berdi. Bu söwda markasy 2025-nji ýyla çenli 1,5 million elektrik ulagy öndürmegi meýilleşdirýär.

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi