JEMGYÝET

Prezident Donald Trampdan hat gelip gowuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampdan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy.  “Watan” habarlar gepleşiginde halk köpçüligine ýetirilen hatda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident,

Amerikan halkynyň adyndan ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň iki ýüz kyrk dört ýyllygy mynasybetli iberen gutlag sözleriňiz üçin Size hoşallyk bildirmäge rugsat ediň. 4-nji iýul Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin amerikan halkynyň taryhyna hem-de biziň buýsanýan demokratik we azatlyk ugrundaky däplerimize biziň gatnaşyklarymyzyň nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm senedir.

Biz Garaşsyzlyk gününi baýram etmek bilen, Amerikanyň taryhynda ýaşaýyş, azatlyk we bagta ymtylmak baradaky aýrylmaz hukuklary kepillendirmegiň hatyrasyna özlerini pida edenlere hormatymyzy bildirýäris.

Biz hemişe dostlarymyz we pikirdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagyna ymtylýarys hem-de gymmatlyklarymyzyň we maksatlarymyzyň geljekde ýüze çykyp biljek islendik kynçylyklaryň öňünde bilelikde işlemek üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etjekdigine ynanýarys. Şeýle hem biz dünýäniň ähli adamlary üçin parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we sagdynlygyň gazanylmagyny maksat edinýäris.

Hormatlamak bilen

Donald Tramp,

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi