Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Dokma senagaty ministrliginiň birnäçe kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Şu maksat bilen hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawyna seljerme geçirildi, şolaryň hatarynda Marynyň gön zawody we Bäherdeniň tikin fabrigi bar.
Marynyň gön zawodynda dowarlaryň we iri şahly mallaryň derisini gaýtadan işleýän enjamlaryň könelmegi bilen baglylykda onuň kuwwaty 30 göterim derejesinde ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, kärhananyň durkuny täzelemek, jübüt aýakgap öndürýän bölümi işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Röwşen» hususy kärhanasynyň we Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky gön zawodynyň gatnaşmagynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bäherdeniň tikin fabriginiň çykarýan önümlerini döwrebaplaşdyrmak we sanawyny giňeltmek maksady bilen, ony Dokma senagaty ministrliginiň we hususy pudagyň paý gatnaşygynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy düzümleriniň biri bolan dokma pudagynyň öňünde önüm öndürilişini artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary döretmek, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy senagatlaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we ýurdumyzda daşary ýurtlara ibermäge niýetlenilip çykarylýan harytlaryň önümçiligi, täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamalaryň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda geçirilýän işleriň hil we ekologiýa ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtady. Milli Liderimiz munuň üçin dokma kärhanalaryny öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.