JEMGYÝET

Kompýuter oýunçylarynyň sany artýar

2020-nji ýylyň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde «geýmerleriň» ― kompýuter we mobil oýunlaryny yzygiderli oýnaýanlaryň sany 3,1 milliard adama ýetdi. Bu bolsa Ýer ýüzüniň ilatynyň 40 göterimi diýmekdir.

Aýdylyşyna görä, olaryň ýary kompýuter oýunlaryny, galan ýary hem mobil oýunlary oýnaýar. Bu bolsa mobil oýunlar bazarynyň görnetin ösýändigine şaýatlyk edýär.

Maglumatlaryň hem görkezişi ýaly, oýun oýnamagy halaýanlaryň ýaryndan hem gowragy ― 52 göterimi aziýalylardyr. Ikinji orundaky Ýewropanyň paýyna 24 göterim düşýär. Şeýle hem Latyn Amerikasynyň 14, Demirgazyk Amerikanyň 10 göterimlik paýy bar.

Related posts

2020-nji ýylyň iň gowy etraby belli edildi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýada saparda bolýar

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär