SPORT

33 günde 3 kubok

Russiýanyň Superkubogyny (Naýbaşy kubogy) almak ugrundaky ýaryşda ýurduň çempiony «Zenit» topary bilen çempionatda ikinji bolan “Lokomatiw” toparlary duşuşdy. Duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Zenit” topary 33 günüň dowamynda 3-nji kubogyny eýeledi.

“Zenit” toparynda 14-nji minutda Dzýuba we 69-nji minutda Ozdoýew tapawutlandy. “Lokomotiw” toparynda 72-nji minutda Çorluka toparynyň ýeke-täk golyny geçirdi.

Çempionlyk kubogy, Russiýanyň Kubogyny gazanan “Zenit” bu gezek Superkubogy gazandy. Bu topar klub taryhynda ikinji gezek yzly-yzyna üç gezek Russiýanyň ýaryşlarynda ýeňiji boldy (2010-njy ýylyň möwsüminiň çempiony, 2009/10-njy ýylyň kubogy we 2011-nji ýylyň Superkubogy).

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, “Zenit” topary 5-nji gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy.

5-nji iýunda çempion bolan topar, 25-nji iýulda Russiýanyň kubogyny, 7-nji awgustda Superkubogyny gazanyp, 33 günde 3 arzyly kubogyň eýesi boldy.

Şu wagta çenli Russiýanyň Superkubogyny iň köp gazanan SSKA toparydyr. Ol 7 gezek bu kubogy gazandy.

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Azerbaýjan futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Gülbadam Babamyradowanyň tälim beren türgeni Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistan ilkinji gezek FIDE zenanlar dünýä küşt kubogynda wekilçilik edýär

Niko Uilýams “Atletiko” toparynda 10 ýyl galýar

Türkmenistanyň «CAFA Nations Cup-2025» halkara ýaryşyndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanly zenan emin ilkinji halkara ýaryşyna gatnaşar