JEMGYÝET

Balyk akwariumynyň “akylly” görnüşi

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy “Xiaomi Mijia” programmasyny goldaýan täze “Xiaomi” yşyklandyryş we Wi-Fi bilen “Smart Fish Tank Pro” akwariumyny hödürledi. Ulanyjylar dürli maglumatlary göni öz smartfonlaryna alyp bilerler. “Xiaomi Smart Fish Tank Pro” ähli suwy birnäçe minutda arassalamaga ukyply goşa süzgüç ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täze akwariumda awtomatiki iýmitlendiriji bar, ony smartfondan bir programma arkaly dolandyryp bolýar. Ahyrynda täzelik akwariumyň içini ýagtylandyrmaga ukyply häzirki zaman yşyklandyryş ulgamyna eýedir (ulanyjylar üçin 1600 reňk bar).

Related posts

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Türkmenistan we Türkiýe : telefon arkaly söhbetdeşlik

Milli synçylar bellige alyndy