BILIM

TOEFL synagyny geçmek isleýäňizmi?

Siz mekdebi tamamladyňyzmy? TOEFL synagyndan ýokary bal gazanmak kynçylygyny çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademik okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? ABŞ-nyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soragyňyz barmy?

  1. Amerikan geňeşlikleri Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:
  2. Dowamlylygy 18 hepde (hepdede 4 gün) bolan intensiw taýýarlyk kursy:
  3. Maksatnamanyň güýz möwsümi distansion okuw görnüşinde geçiriler.
  4. Gatnaşyjylaryň kompýuter, planşet ýa-da öýjükli telefon arkaly internete baglanmagy zerurdyr. Okuw kursuna degişli materiallaryň ählisi elektron poçta ýa-da IMO arkaly uradyrlar.

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna, akademiki okuwa we ýazuwa ýokary derejede taýýarlykdan ybarat. Tejribeli maslahatçylar sizi ýokary derejeli okuw serişdeleriniň we usullarynyň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

Maksatnama kimler gatnaşyp bilýär?

  1. Orta mekdebi tamamlan;
  2. Bakalawr derejesini almadyk;
  3. Türkmenistanyň we daşary ýurduň ýokary okuw mekdeplerine girmedik (orta hünär mekdebini gutaranlar gatnaşyp bilýär);
  4. Orta we ýokary derejede iňlis dilini bilýänler;

Kabul edilşigiň soňky senesi: 2020-nji ýylyň 3-nji sentýabry.

Maksatnamanyň internet sahypasy: http://americancouncilstm.org/p4s/

Habarlaşmak üçin tel: +993-64-52-17-11          ýa-da         associatep4s@americancouncilstm.org

 

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar